Eýranda Korona keseline uçran adamlaryň sany artdy
Mar 01, 2020 13:47 Asia/Ashgabat
Eýranyň saglygy goraýyş we derman ministrligi şu mahala çenli Eýranda 978 adamynyň Korona keseline uçrandyklaryny yglan etdi.
Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Kianuş Jahanpour şu gün beren gürrüňlerinde gynanç bilen şu mahala çenli Koronawirusy zerarly 54 adam öz janlaryny elden berendirler diýip yglan etdi.
Kianuş Jahanpouryň aýtmagyna görä,Eýranda Korona wirusyna uçran adamlaryň 75-si şu mahala çenli bu keselden gutulandyrlar.
Korona keseli ilkinji gezek Hytaýyň Wuhan şäherinde görülip bu ýurduň 30 welaýatyna ýaýramagyndan aýry durmuşda dünýäniň 59 ýurdyna hem ýaýrandyr.
Tags