-
Türkmenistanyň daşary işler ministri Täjigistanyň ilçisi bilen duşuşdy
Jun 19, 2023 06:17Bu ýurtdaky diplomatik işiniň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen Täjigistanyň ilçisi bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministri iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
-
Türkmenistanda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly" işini jemledi
Jun 17, 2023 06:06Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirlen çärä gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Özbegistandan alymlar we hünärmenler, medeniýet işgärleri, sahna ussatlary gatnaşdylar.
-
Zyýaratçylaryň ilkinji topary Türkmenistandan Saud Arabystanyna gitdiler
Jun 16, 2023 14:39Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Haj dessurlaryny ýerine ýetirmek üçin Aşgabatdan Saud Arabystanyna gitdiler.
-
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Jun 15, 2023 17:48Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Homiddin Şerifzoda bilen duşuşdy.
-
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdy
Jun 15, 2023 08:412023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri bilen duşuşdy.
-
Türkmenistan Respublikasynyň Eýrandaky Baş konsuly iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ünsi çekdi
Jun 13, 2023 08:24Eýrandaky Türkmenistanyň Baş konsuly, Iki ýurduň resmileriniň saparlary Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky medeni we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirer diýdi.
-
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Jun 13, 2023 08:082023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
-
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi
Jun 13, 2023 08:042023-nji ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
-
Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda giň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk
Jun 12, 2023 16:41Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi, Moskwa bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekip, geçen ýyl Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky maliýe dolanyşygynyň 1,6 milliard dollar bolandygyny aýtdy.
-
Serdar Berdimuhamedow Putini we Mişustini Russiýanyň güni bilen gutlady
Jun 12, 2023 09:34Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine we ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.