-
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy bilen duşuşygy
Dec 07, 2023 09:472023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda RF-ne iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
-
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
Dec 02, 2023 09:302023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi.
-
Türkmenistan we Hytaý ählitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugruny tassyklaýar
Nov 30, 2023 09:412023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Nov 30, 2023 09:362023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.
-
"Aşkabad"; "Agropak Türkmenistan-2023" halkara sergisiniň eýesi
Nov 27, 2023 21:16Azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi 28-30-njy noýabrda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriler.
-
Aşgabatda XIV Dünýä Kuraş çempionatyna bagyşlanan metbugat forumy geçirildi
Nov 26, 2023 14:4625-nji noýabrda Sport myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Kuraş dünýä çempionaty - dünýä metbugatynda” halkara metbugat forumy geçirildi. Foruma degişli ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň wekilleri, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary, şeýle hem Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
-
Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA-nyň Sammitine gatnaşdy
Nov 26, 2023 14:422023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Bakuda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriniň Baştutanlarynyň ilkinji Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
-
Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Türkiýe Söwda ministrliginiň gümrük wekilleriniň üç taraplaýyn ýygnagy
Nov 25, 2023 13:34Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasynyň gümrük wekilleri we Türkiýe Söwda ministrliginiň wekili söwda alyş-çalyşlaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen üç taraplaýyn ýygnak geçirdiler.
-
Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenmegi ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi
Nov 25, 2023 10:442023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda UNESСO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.
-
Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär
Nov 23, 2023 14:55Türkmenistanyň Medeniýet günleri Eýranda, Yspyhan şäheri (Eýranyň merkezi) tarapyndan geçiriler.