Zarif: ýadro ylalaşygy baradaky Amerikanyň hereketleri hakynda Eýran tutum tutjakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif ýadro ylalaşygynda Eýranyň kepil geçilen bähbitleri üpjün bolman ýagdaýynda Tehran döwleti bu ylalaşyk barada tutum tutjakdyr diýip yglan etdi.
şu gün Muhammet jawad Zarif habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýrana garşy katsa kanunyň amala aşyrylmaly möhletiniň gelip ýetmegine yşarat edip Amerikanyň bu hili hereketleriniň garşysynda Eýran Yslam Respublikasy hem mejlisde bir kanuny tassyklandyr we her haçan ýadro ylalaşygynda Eýranyň bähbitleri üpjün bolman ýagdaýynda amala aşyryljakdyr diýip nygtady.
Amerikanyň wekiller mejlisi 2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Eýrana garşy kämil gadaganlyklar taslamasyny tassyklady. bu kanun Katsa ady bilen tanalýandyr.