Dec 30, 2017 22:11 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Eýran milleti Amerikanyň ýalan şygarlaryna ynanmaýar
    Gasemi: Eýran milleti Amerikanyň ýalan şygarlaryna ynanmaýar

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerikaly resmileriň Eýranyň içeri işlerine gatyşmak barada aýdan sözleriniň jogabynda Eýran ilaty Amerikaly resmileriň ýalan şygarlaryna aldanmazlar diýdi.

Bahram gasemi  Amerikaly resmileriň puç we esassyz gürrüňlerini ýazgaryp Eýran halky palestina halkyna hemde ýemen we bahreýn milletlerine garşy  Amerikanyň tutan tutumlaryny hemde Amerikanyň prezidentiniň Eýranyň alym raýatlarynyň Amerika girmekleriniň öňüne geçmek we Amerikada ýaşap ýörän Eýranlylaryň ençemesini tutmak baradaky duşmançylykly hereketlerini onudan däldirler diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüniň dowamynda soňky wagtlarda ýurduň käbir şäherlerinde ilatyň geçiren ýygnaklaryna Amerikaly resmileriň alsawaçlyk bilen berýän goldawlaryna aldanmaz diýip beýan etdi.

Gasemi şeýle-de Eýranyň baş kanunynda  ilatyň medeni isleglerine kanuny tärde hemaýat bermek üçin demokratik çäreler göz öňüne alynýandyr we kanuny şeklinde ilatyň islegleriniň yzarlanmagy mümkindir diýip sözüne goşdy.

Tags