Amir Abdollahian: Amerika Owganystan üçin howpsuzlygy we parahatçylygy islemeýär
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygynyň Halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi Amerikanyň Birleşen Ştatlary owgan halky we hökümeti üçin howpsuzlygy we parahatçylygy islemeýär diýdi.
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygynyň Halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Amir-Abdollahian penşenbe güni Tähranda Owganystanyň Milli Kongres partiýasynyň başlygy Abdul Latif Pedram bilen bolan duşuşygynda bu ýurduň howpsuzlygyny Eýranyň howpsuzlygy diýip atlandyrmak bilen Owganystandaky milli jebislige ünsi jemlemelidigine ünsi çekip Owganystanda durnukly howpsuzlyk we parahatçylyk milli jebislik we ähli owgan toparlarynyň we partiýalarynyň goldawy bilen gazanylar diýip yglan etdi.
Amir Abdullahian, Ak tamyň Owganystan üçin gowy zat islemeýändigini we esasy kanuna, hökümete we ähli owgan toparlarynyň agzybirligine bil baglamalydygyny aýtmak bilen Owganystandaky howp we terrorçylyk hereketleri ähli owgan toparlarynyň we etnik toparlarynyň birleşmegi bilen tamamlanar diýdi.
Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny ýatlap, Abdul Latif Pedaram Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystan bilen goňşusyndan başga-da umumy din, dil we medeniýet bar we owgan halky Eýranyň owgan halkyna duýgudaşlygyny we uzak ýyllap kömegini ýatdan çykarmaz diýdi.