Zarif: Amerika Günbatar Aziýa sebitinde howpyň çeşmesidir
Eýranyň Daşary işler ministri Günbatar Aziýa sebitine halkara gatyşmalaryň sebitdäki durnuksyzlygyň we howplylygyň faktory hökmünde bilip ony tankytlamak bilen ABŞ-nyň gatyşmagy sebitimizdäki iň uly howplylyga we durnuksyzlyga sebäp bildi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sişenbe güni Tähranyň gepleşikler samitinda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sebitimizdäki weýran ediji hereketleri diňe harby gatyşmak bilen çäklenmeýär we Amerikanyň Eýran halkyna garşy alyp barýan ykdysady söweşi, Eýranda korona pandemiýasy bilen baglanyşykly kynçylyklary döretdi diýip nygtady.
Zarif sözüniň dowamynda Eýran ähli goňşulary bilen gepleşiklere taýýardyr diýmek bilen
sebitiň geljegini düzmek üçin daşary ýurtlularyň zerurlygy ýokdyr diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de gepleşikler we diplomatiýa arkaly täze sebit gurlup, gümanitar, sosial we ykdysady ösüşe ýetip boljakdygyny mälim etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri öz çykyşynda Eýranyň "Hormoz parahatçylyk başlangyjy" atly sebit gepleşikleri üçin inisiatiwasynyň ähmiýetini ýene bir gezek gaýtalady.