Nov 02, 2017 20:18 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçynyň Orsýetiň prezidenti bilen geçiren duşuşygy
    mertebesi belent ýolbaşçynyň Orsýetiň prezidenti bilen geçiren duşuşygy

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Siriýa meselesinde Eýran bilen Orsýetiň gowy arkalaşyklaryna yşarat edip bu hyzmatdaşlyklaryň netijesi kyn meýdanlarda Tehran bilen Moskwanyň bilelikdäki maksatlary amala aşyrmagy başarjakdyklaryny mälim edendir diýip beýan etdi.

düýn ikindin Aýatolla hameneýi hezretleri Orsýetiň prezidenti  Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynda Tehran bilen Moskwa döwletleriniň daşary ýurtlaryň hemaýaty astyndaky terrorçylaryň garşysynda durmagy möhüm netijeleri  öz yzyna tirkändir diýmek bilen Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky bileleşigiň Siriýada şowsuzlyga uçranlygy dänip bolmajak hakykatdyr emma olar henizem täze mekirli planlaryň yzyndadyrlar diýip nygtadylar.

ol hezretleri şeýle-de Siriýa meselesiniň kämil çözülmegi berk hyzmatdaşlyklaryň dowam etdirilmegini talap edýändir diýip sözüne goşdylar.

ol hezretleri şeýle-de Siriýa barada iň soňky tutumy tutup biljek tarapyň Siriýa halkydygyny aýdyp Siriýa hökümeti baradaky bütin meseleler we çözgüt ýollar bu ýurduň içinden joşup çykmalydyr we Siriýa döwleti hiç bir taslamany amala aşyrmak üçin basyş astyna alynmaly däldir diýip beýan etdiler.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem bu duşuşykda Tehrana gurnan sapary babatly gaty hoşallygyny beýan edip Eýran Orsýetiň strategik hyzmatdaşy we uly goňşysydyr we Moskwa döwleti Tehran bilen köpugurly hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek ugurda bütin pursatlardan we mümkinçiliklerden peýdalanjakdyr diýip yglan etdi.

Tags