Eýranyň parlamenti ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagyny nygtaýar
(last modified Sun, 11 Apr 2021 13:33:37 GMT )
Apr 11, 2021 18:33 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň parlamenti ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagyny nygtaýar

Eýranyň parlamentiniň başlygynyň orunbasary, Eýrana garşy ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagyny isledi.

Eýranyň parlamentiniň başlygynyň orunbasary "Ali Nikzad" ýekşenbe güni Eýran Press habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Wenadaky ýadro gepleşikleri bilen baglanyşykly Yslam şura mejlisiň gyzyl çyzygy barada gürrüň gozgap, Mejlis agzalarynyň islegi ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagy we onsoň onuň dogurlygynyň barlanylmagydyr diýip nygtady.

Eýranyň parlamentiniň başlygynyň orunbasary şeýle-de, Amerikanyň Yslam Rewolýusiýasy ýeňiş gazanany bäri Eýran halkyna garşy sanksiýalar girizendigini aýtmak bilen Sanksiýalar ýatyrylansoň we tassyklanylandan soň ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegi mümkindir diýdi.

Nikzad Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň jenaýatçy döwletidigini we beýleki ýurtlara, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna howp salýandygyny aýtmak bilen Amerikalylar öz sözlerinde we hereketlerinde dogruçyl däldirler we ýadro ylalaşygyň çäginde nebit satmak we metal eksporty ýaly Eýranyň ykdysady bähbitlerine üns bermediler diýip beýan etdi.

Eýranyň parlamentiniň başlygynyň orunbasary şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary soňky ýyllarda Eýranyň mazlum halkyna garşy 1600-den gowrak sanksiýany ýatyrmaly we bu Eýranyň aýdyň pozisiýasydyr diýdi.