Ruhani: Sanksiýalar şowsyz bolandyr
(last modified Wed, 05 May 2021 09:30:13 GMT )
May 05, 2021 14:30 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Sanksiýalar şowsyz bolandyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sanksiýalaryň şowsyz bolandygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Hasan Ruhani" çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde: Sanksiýalaryň şowsyz bolandygyny we hemmämiz agzybir bolsak, sanksiýalaryň ýakyn wagtda ýatyryljakdygyny halka habar berýärin diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda, Beýleki tarap, düzgünlere we borçlarynyň kanunyna we ýadro şertnamasyna dolanmakdan başga ýolunyň ýokdugyny bilýändir diýip beýan etdi.

Eýranyň prezidenti şeýle-de bu günki gün Amerikanyň üsti bilen ýola goýan ykdysady söweşi ýeňilip barýan hem-de Eýranyň sebit ýurtlardan daşlaşdyrjak bolýan synanşygy şowsyzlyga uçrap barýan Sionistleriň ýas günidir diýip sözlerine goşdy.

Ruhani, häzirki wagtda sanksiýalary bes etmegiň ýolunyň has aňsatlaşandygyny aýtmak bilen ýadro ylalaşykdaky Eýran halkynyň hukuklarynyň doly gazanylmalydygyny we hiç zatdan geçilmejekdigini aýtdy.

Eýranyň prezidenti, Kuds gününiň ýakynlaşmagyna we şu günüň hatyrasyna ünsi çekip: geljek anna güni Eýran Yslam Respublikasynyň abraýlaryndan biri we Ymam Homeýni(ra)niň wesýetlerinden biri bolan Kuds güni bardyr diýdi.

Ruhani sözüniň ahyrynda Palestina halky watanyna gaýdyp barar we Kuds we musulmanlar üçin ilkinji kybla bolan Al-aksa metjidi musulmanlara berler diýip sözlerine goşdy.