Mertebesi belent ýolbaşçymyzyň halkara Kudus güni hakdaky çykyşy
Yslam Ynkylabyň belent derejeli ýolbaşçysy Palestinanyň geljegi dowamly çydama we halkyň goldawyna baglydyr diýdiler.
Ynkylabyň belent derejeli ýolbaşçysynyň Palestinanyň geljegi dowamly çydama we halkyň goldawyna baglydyr diýmekleri
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, sionistler basyp alnan Palestinani ilkinji günden terrorçylyk bazasyna öwürdi diýip aýtdylar.
Hezretleri Aýatolla Hamemeýi Bütindünýä Kuds güni mynasybetli telewideniýede eden çykyşynda " Ysraýyl bir ýurt däl-de, eýsem Palestina halkyna we beýleki musulman ýurtlaryna garşy terrorçylyk bazasydyr we şonuň üçin bu rehimsiz režime garşy we onuň terrorçylygyna garşy göreşmegiň jemgiýetçiligiň borjydyr diýdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy Palestinade geljekdäki wakalary iki möhüm faktoryň kesgitleýändigini aýdyp; Birinjisi Palestina sebitlerinde garşylygyň dowam etmegi we şehitlik ugrunyň güýçlenmegi, ikinjisi, musulman hökümetleriniň we dünýäniň halklarynyň palestinaly mujahidlere global goldawydyr diýip nygtadylar.
Palestina we Kudus meselesi Yslam dünýäsiniň iň möhüm we esasy meselelerinden biridir we Eýran Yslam Respublikasy ähli ýagdaýlarda Palestina hukuklaryny we ideallaryny syýasy, ruhy we maddy taýdan elmydama goldaýar.
Palestina hukuklarynyň esasy goldawçysy hökmünde Eýran, Yslam dünýäsinde iň möhüm meseläni, Palestina we Kudusy dört onýyllykdan gowrak dowam etdirmekde möhüm rol oýnady. Yslam respublikasyny esaslandyryjy Ymam Homeýniniň her mukaddes oraza aýyň soňky anna gününi Bütindünýä Kuds güni diýip yglan etmegi, Yslam ymmatynyň umumy meselesini ýatdan çykarman dowam etdirmegiň esasy we altyn nokadydyr.
Bu meselede; "Palestina diňe bir palestinalylaryň we araplaryň ideýasy däl, eýsem Palestina meselesi hem Yslam dünýäsiniň idealydygyny Oman döwletiniň uniwersitet professory Haýdar bin Ali al-Lawati penşenbe güni twitterde ýazdy. .
Syýasy we ruhy goldawdan başga-da, Ysraýyl režiminiň terrorçylyk häsiýeti sebäpli Palestina garşylygy üçin maddy goldaw hemmeleriň we yslam ýurtlarynyň jemgyýetçilik borjydyr. Palestina toparlaryny güýçlendirmek, basyp alnan ýerleriň içinde we daşynda elmydama terrorçylyk hereketleri bolan režime garşy durmak ýeke-täk strategiki we täsirli wariantdyr.
Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň pikiriçe, Sionist režimiň pese gaçýan hereketi başlanandyr we bu hereket dowam taparlar.