Jun 02, 2021 17:04 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Saýlaw gutusy Yslam rewolýusiýasynyň möhüm netijesi we üstünligidir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti saýlaw gutusynyň Yslam Rewolýusiýasynyň möhüm netijesi we üstünligi bolandygyny aýtdy.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün çarşenbe güni beren gürrüňlerinde Ymam Homeýniniň (ra) ýurdy dolandyrmak üçin beren çözgüdi halk arkaly saýlawlar boldy we milletiň ses berişligi ölçegdir diýen şygar Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjynyň esasy şygarydy diýdi.

Ruhani, Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideri Ymam Homeýniniň (ra) aradan çykmagynyň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda geçirilen ministrler kabinetinde 13, 14 we 15-nji Hordady Yslam Rewolýusiýasynyň we ýurduň taryhynda örän möhüm we aýgytly günler diýip atlandyrmak bilen Ymam Homeýniniň (ra) Yslam Hereketi we Rewolýusiýasyndaky pikiriniň esaslary halka esaslanýandygyny aýtdy.

Ymam Homeýniniň (ra) halkyň ýurduň häkimiýetinde we dolandyryşynda möhüm we aýgytly rol oýnamalydygyna ynanýandygyny aýdan Ruhani: Ymam Homeýnine we onuň ideallaryna gün-günden ýakynlaşmalydyrys diýdi.

Eýranyň prezidenti şeýle-de Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri hem el-mydam saýlaw sandyklaryň başynda adamlaryň giňden bolmalydygyny hemişe nygtap gelýändigine yşarat edip şonuň üçin bu ýol dowam edýär diýdi.

Ruhani şeýle hem dünýä we ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump we beýlekilere beren signalymyz, arkalaryny döwen ykdysady taslamalaryň açylmagydy we ähli basyşlara garamazdan, on müňlerçe milliard toman bahasy bolan taslamalaryň bir günde açylmagydy diýip beýan etdi.

Tags