Aýatolla kermani: Amerika bütin jenaýatlaryň başyndadyr
-
Aýatolla kermani: Amerika bütin jenaýatlaryň başyndady
Tehraniň juma namazynyň hatyby Amerikalylary ygrarsyz hasaplap Waşington bütin jenaýatlaryň başyndadyr diýdi.
Aýatolla Muhammet Aly Mowahhedi kermani şu gün Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Amerika döwleti bähbitleriniň howpa düşen ýerinde ygraryndan dänýändir diýip nygtady.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Aly Mowahhedi kermani ýadro ylalaşygyny üýtgetmek ýada ony bozmak ugurdaky Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň baş goşýan hereketlerini akmaklyk hsaplady.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Aly Mowahhedi kermani sözüniň dowamynda Donald Trampyň Eýrana we Eýranyň Sepah Pasdaranyna garşy duşmançylykly hereketlerine hem yşarat edip Sepah Pasdaran kuwwatlylyk bilen Amerikanyň hemaýaty astyndaky terrorçylaryň garşysynda durandyr diýip beýan etdi.
Eýranyň jogapkärleri oýa we hüşgärdirler we duşmandan gapyl galynmaly däldir diýip Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Aly Mowahhedi kermani sözüne goşdy.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Aly Mowahhedi kermani şeýle-de Eýran yslam respublikasy uruşparaz däldir emma bar kuwwaty bilen duşmanlaryň garşysynda durjakdyr diýip yglan etdi.