Zarif Ýemen halkynyň gabawyny aýyrmagyň zerurlygyny nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11920-zarif_Ýemen_halkynyň_gabawyny_aýyrmagyň_zerurlygyny_nygtady
Eýranyň Daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýemen işleri boýunça ýörite wekili bilen bolan duşuşygynda Ýemen halkynyň gabawyny aýyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 08, 2021 17:31 Asia/Ashgabat
  • Zarif Ýemen halkynyň gabawyny aýyrmagyň zerurlygyny nygtady

Eýranyň Daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýemen işleri boýunça ýörite wekili bilen bolan duşuşygynda Ýemen halkynyň gabawyny aýyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýemen işleri boýunça ýörite wekili Martin Griffiths bilen duşuşyp, Ýemen halkyna garşy gabawy aýyrmagyň we Ýemen halkyna ynsanperwer kömegini ýeňilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Zarif  şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň urşuň Ýemen krizisiniň çözgüdi däldigi baradaky usully garaýyşyny düşündirip, şeýle diýdi: Diňe syýasy gepleşikler we parahatçylykly ýollar bilen gumanitar betbagtçylyga sezewar bolan Ýemendäki häzirki elhenç ýagdaýy gutaryp bileris.

Duşuşykda Martin Griffiths Eýranyň Daşary işler ministrine Ýemen krizisi barada degişli taraplar bilen geçiren gepleşikleriniň netijesi barada maglumat berdi.

Zarif we BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýemen boýunça ýörite wekili şeýle hem Ýnemen krizisiniň dürli ölçegleri we ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy gazanmagyň ýollary barada pikir alyşdylar.