Eýranyň Daşary işler ministriniň kömekçisi: Gepleşik owgan krizisiniň çözgüdi
Jun 30, 2021 06:21 Asia/Ashgabat
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýanyň baş müdiri we Eýranyň Daşary işler ministriniň kömekçisi gepleşikleri owgan krizisiniň çözgüdi diýip atlandyrdy.
IRNA-nyň çarşenbe güni beren habaryna görä, "Owganystandaky häzirki konflikt gury ýer üçin söweş däl-de, kanunylyk gazanmak ýa-da kanuny esasda saklamak üçin" diýip Seýed Rasul Mousawi twitt ýazdy.
ol şeýle-de "Talyban" ähli şäherleri basyp alsa, halkara derejesinde ykrar edilmese, öz emirligini döredip bilmez " diiýp matlabyna goşdy.
Owgan krizisine harby çözgüt ýok we diňe gepleşikler hakda pikirlenmeli diýip Mousawi nygtap geçdi.
Tags