Tehranda owganara gepleşik sammitiniň başlanmagy
Jul 07, 2021 17:24 Asia/Ashgabat
Eýranda Owganara gepleşikler sammiti başlandy.
Iran Press-iň habaryna görä, şu gün, çarşenbe güni, Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan gurnalan owganara gepleşikleri, owgan hökümetiniň wekilleriniň, ýokary derejeli respublikan şahsyýetleriň we "Talybanyň" ýokary derejeli syýasy wekiliýetiniň gatnaşmagynda, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň eden çykyşy bilen öz işine başlady.
Duşuşygyň açylyş dabarasynda Zarif, ABŞ-nyň Owganystana goşulyşmagy we bu ýurtda ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri barlygy, köp zyýan ýetirendigi barada aýdyp Häzirki wagtda Owganystanyň halky we syýasy ýolbaşçylary öz ýurdunyň geljegi üçin kyn kararlar bermelidirler diýip nygtady.
Tags