Tähranda geçirilen Owganara gepleşikleriniň jemleýji beýannamasy
Tähranda Owganara Parahatçylyk Sammitine gatnaşýan taraplar alty maddany öz içine alýan beýannama berdiler.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe we penşenbe günleri Tähranda geçirilen owganara parahatçylyk ýygnagyna gatnaşýan taraplar alty maddadan ybarat beýannama berdiler.
Beýannamanyň alty sütüninde: Iki tarapyň wekiliýetleri Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanda parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryny we hoşniýetliligini öwýärler.
bu beýannamada iki tarap urşy dowam etdirmegiň howplary we Owganystanyň saglygyna ýetirjek zyýany barada ylalaşyp, urşuň owgan meselesiniň çözgüdi däldigini aýtmak bilen ahli tagallalaryň syýasy we parahatçylykly çözgütlere gönükdirilmelidigi aýdylandyr.
Beýanatda, Taraplar Tähran ýygnagyny owgan meselesiniň syýasy çözgüdini güýçlendirmek üçin täze mümkinçilik hökmünde görýärler.
Düýn (çarşenbe) Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan gurnalan Owganara gepleşikleri owgan hökümetiniň wekilleri, ýokary derejeli respublikan şahsyýetler we Talybanyň ýokary derejeli syýasy wekiliýetiniň gatnaşmaklary we Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň çykyşy bilen Tähranda açyldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Eýranyň owganara gepleşiklerini dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
ISNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif penşenbe güni Tähranda owganara gepleşikleriniň jemleýji mejlisinde eden çykyşynda owgan halkynyň parahatçylygyny, rahatlygyny we amatlylygyny ileri tutýandyklary üçin iki delegasiýa minnetdarlyk bildirmek bilen söweşdäki edermenlikden Parahatçylykda batyrlyk has möhümdir diýdi.