Pak Aein: Tehran maslahaty Owganystanyň geljegi baradaky gepleşikleriň dowam etmeginiň başlangyjydyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň öňki baş sekretary, Tehran duşuşygy Owganystanyň geljegi baradaky gepleşikleriň dowam etmeginiň başlangyjydyr diýip nygtady.
Eýran Talyban bilen gepleşik geçirýän bolsa, bu terrorçylygy goramak diýmek däldir diýip Mohsen Pak Aein sözüne goşdy.
"Eýran Talybanyň syýasy çemeleşmelerini goldaýar we zorlukly we olary terrorçylykly hereketlerden gaça durmag çagyrýar diiýp Eýranyň Daşary işler ministrliginiň öňki baş sekretary Pak Aein aýtdy.
Owganara gepleşikleriň birinji tapgyry geçen penşenbe güni (8-nji iýul) Tehranda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň çykyşy bilen geçirildi we ahyrky netijede owgan hökümetine we Talybana wekilçilik edýän wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň alty punktly beýany bilen tamamlandy.