Jul 10, 2021 16:40 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran her gün 500,000 adamy sanjym etmäge taýýar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, her gün 500 000 adamy sanjym etmäge taýýardyrys diýip yglan etdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şenbe güni Korona garşy milli ştab ýygnagynda adamlaryň 17 aý töweregi wagt bäri howply wirus bilen ýaka towlaşyp gelýändigine yşarat edip, 1400-nji ýylda Eýrana beýleki ýurtlardan giren howply wiruslara duş geldik diýip nygtady.

Ruhani sözüni dowam etdirip: Wiruslar ýurduň günbataryndan we esasan Iňlis görnüşli wirusy Yrakdan girdi, soňky günlerde we aýlarda hem bu ýurda gündogar serhetlerinden hindi wirusy girdi diýip mälim etdi.

Eýranyň prezidenti şeýle hem korona wirusyň Eýranyň günorta we gündogar welaýatlaryna we ýurduň içine ornandygyny aýtdy.

Ruhaniniň pikiriçe: Enjamlar, desgalar we aýratyn ideg we şu gün gazanylan has köp tejribeler sebäpli geçen eýýamlara görä has gowy şertlerimiz bardyr.

Eýranyň prezidenti Ruhani şele-de ähli taýýarlyklar bilen bäşinji tolkunyň içine girdik, bu tolkun entek umumlaşman bolmasa-da, tutuş ýurt boýunça jemgyýetçilik tagallalaryny talap edýän bu tolkunyň köpelmeginiň we giňelmeginiň öňüni almak mümkindir diýdi.

Tags