Raisi: Sebitiň howpsuzlygyny sebit ýurtlary üpjün etmeli
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12796-raisi_sebitiň_howpsuzlygyny_sebit_ýurtlary_üpjün_etmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Owganystanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda: Sebitiň howpsuzlygyny sebit ýurtlary üpjün etmelidirler diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 05, 2021 13:38 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Sebitiň howpsuzlygyny sebit ýurtlary üpjün etmeli

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Owganystanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda: Sebitiň howpsuzlygyny sebit ýurtlary üpjün etmelidirler diýip nygtady.

Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şu gün, penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani bilen bolan duşuşygynda Eýran Owganystandaky dowamly parahatçylygy gurmak we gan dökülmeginiň öňüni almak üçin öz mümkinçiliklerinden peýdalanmaga taýýardyr diýdi.

Eýranyň prezidenti, Eýranyň we Owganystanyň halkynyň kökleriniň, dini we siwilizasiýa gatnaşyklaryna kök urandygyny mälim etmek bilen Eýran owgan halkynyň howpsuzlygyny, abadançylygyny we mertebesini isleýär we bu maksada ýetmek üçin kömek etmäge taýýardyr diýdi.

Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şeýle-de Owganystandaky durnuksyzlyk we dartgynlylyk üçin daşary ýurt dildüwşüklerini günäkärledi.

Owganystanyň prezidenti Raisiň gaýtadan saýlanmagyny gutlady we Tähran-Kabul gatnaşyklarynda täze bölümiň başlanmagyna umyt bildirmek bilen Owganystanyň Eýran bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ähli ugurlarda giňeltmegi isleýändigini aýtdy.

Owganystanyň prezidenti, Tähranyň sebit howpsuzlygyny döretmekde esasy mümkinçilikleriniň we täsiriniň bardygyny belläp: Eýranyň sebitiň durnuklylygynda we howpsuzlygynda möhüm roly we orny bar, şoňa görä biz Eýranyň mümkinçiliklerini Owganystanda dowamly howpsuzlygy ýola goýmak ugrunda bilelikdäki hereketler we hyzmatdaşlyk üçin ulanmak isleýäris diýdi.