Eýranyň Daşary işler ministri Owganystandaky howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň möhümdigini nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13336-eýranyň_daşary_işler_ministri_owganystandaky_howpsuzlygy_we_durnuklylygy_saklamagyň_möhümdigini_nygtady
Eýranyň Daşary işler ministri twitter arkaly Owganystanda howpsuzlygy we durnuklylygy goramagyň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 09, 2021 07:11 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri Owganystandaky howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň möhümdigini nygtady

Eýranyň Daşary işler ministri twitter arkaly Owganystanda howpsuzlygy we durnuklylygy goramagyň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian twitterde: Owganystanyň alty goňşy ýurdunyň daşary işler ministrleriniň wirtual duşuşygynda bu ýurduň howpsuzlygy, durnuklylygy we ösüşini nygtaldy diýdi.

Abdullahian şeýle-de bu ýygnakda owgan jemgyýetiniň dürlüligini we erkini görkezýän we ähli owgan taraplary öz içine alyjy hökümet döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy we zorlugyň ýerine gepleşikler we daşary ýurtlaryň gatyşmazlygy gürrüň edildi diýdi.

Owganystandaky wakalara syn bermek üçin çarşenbe güni Eýran, Hytaý, Päkistan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan ýaly alty goňşusynyň daşary işler ministrleriniň wirtual duşuşygy geçirildi.