Amir Abdullahian: Owganystandaky durnuksyzlygyň sebäbi ABŞ
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, ABŞ Owganystanyň durnuksyzlygynyň we howpsuzlygynyň sebäpleriniň möhüm bölümidir diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni öýlän Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterresiň ýolbaşçylygyndaky "Owganystandaky gumanitar ýagdaý" atly wirtual ýygnagyna gatnaşdy we çykyş etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian bu çykyşynyň bir bölüminde "Häzirki wagtda Owganystanda hemmämiz täze bir ýagdaý we täze kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarys we häzirki durnuksyzlyk, howpsuzlyk we Owganystandaky häzirki durnuksyz ýagdaýyň sebäbiniň möhüm böleginiň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň synag we ýalňyşlyk bilen görnüşdäki syýasatlarynyň netijesidigine ynanýarys diýdi.
Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystana gyssagly ynsanperwer kömegini ibermek jogapkärçiligi bar diýip Amir-Abdollahian sözüne goşdy.