Amoli Larijani:Amerikanyň soňky gadaganlyklarynyň garşysynda Eýran parhsyz oturmaz
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Aýatolla Sadyk Amoli Larijani bir ýurdyň bir güýjüniň başlygyny gadaganlyklar listesine goşmak halkara bütin gyzyl çyzyklardan geçmekdir we bu hili hereketleriň garşysynda Eýranyň parhsyz oturmajakdygyny Amerika bilip goýsun diýip yglan etdi.
Şu gün Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Aýatolla Sadyk Amoli Larijani Tehranda Eýranyň kazyýet güýjüniň ýokary derejeli jogapkärleri bilen geçiren maslahatynda Amerikanyň dürli bahanalar bilen gadaganlyklarynyň gerimini giňeltmegiň yzyndadygyna yşarat edip her hilli duşmançylykly herekete laýyklykda Eýranyň gaýtawul berjekdigini Amerikaly resmiler bilmelidirler diýip nygtady.
Aýatolla Amoli Larijani sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygyny bozmak ugurdaky Amerikanyň hereketlerine yşarat edip ýadro ylalaşygy üýtgedilmez we hiç bir ýurt ýadro ylalaşygyny başga meselelere şol sanda goranyş meselelerine gatyşdyryp başarmaz diýip sözüne goşdy.