Hatibzadeh: Eýrana abanýan howp hiç wagt täsirli bolmady
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh َAmerikanyň Daşary işler ministri Entoni Blinkeniň Eýran üçin başga ýollary gözleýändigi baradaky soňky sözlerine jogap höküminde ýazan twitinde: Eýrana abanýan howp hiç wagt netije beren däldir diýdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Hatibzadeh sözüniň dowamynda: ABŞ-nyň hamala göz öňüne alan çäreleri sebitimizde eýýäm synagdan geçirildi diýmek bilen onuň betbagtçylykly şowsuzlyklarynyň netijesi Amerika üçin we galan biabyraýlygyny başgalaryň ýygnamalydygy hemmeler üçin aýdyň we düşnüklidir diýdi.
Eýranyň diplomatik korpusynyň metbugat sekretary şeýle-de ýadro ylalaşygyň häzirki ýagdaýynyň esasy sebäpkäri hökmünde ABŞ sapak almalydyr diýip sözlerine goşdy.
Häzirki prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň işgärleri soňky aýlarda iň ýokary basyş syýasatynyň şowsuzdygyny aç-açan boýun aldylar we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny ýadro şertnamasyna getirmek isleýändiklerini aýtdylar; Emma şu wagta çenli şertnama dolanmak üçin zerur çäreleri görmekden ýüz öwürdiler.