Şamhani: ýadro ylalaşygy barada ýaňadan gepleşik geçirilmez
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani ýadro ylalaşygy kämil bir senetdir we her hili ýagdaýdada bul mesele barada ýaňadan gepleşik geçirilmez diýdi.
Ali Şamhani Alalam tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde ýadro ylalaşygyny çalyşa çekmek ugurdaky Amerikanyň hereketlerine yşarat edip ýadro ylalaşyfy 5+1 topary bilen üstünde ylalaşan Eýranyň iň bäribaş talap edýän zatlaryndandyr diýip nygtady.
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şeýle-de ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna Eýranyň kämil amal edenligine garamazdan Amerika we Ýewropa döwletleriniň ygrarlarynyň çarçuwwasynda Eýran hakynda ykdysady giňişlikleriň amala aşyrylman duran mahalynda ýadro ylalaşygyna ýaňadan garamkdan gürrüň agzalmagy utançsyzlykdyr diýip sözüne goşdy.