Şamhani: ýadro ylalaşygy barada ýaňadan gepleşik geçirilmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1481-Şamhani_ýadro_ylalaşygy_barada_ýaňadan_gepleşik_geçirilmez
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani ýadro ylalaşygy kämil bir senetdir we her hili ýagdaýdada bul mesele barada ýaňadan gepleşik geçirilmez diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 23, 2018 18:32 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: ýadro ylalaşygy barada ýaňadan gepleşik geçirilmez

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani ýadro ylalaşygy kämil bir senetdir we her hili ýagdaýdada bul mesele barada ýaňadan gepleşik geçirilmez diýdi.

Ali Şamhani Alalam tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde ýadro ylalaşygyny çalyşa çekmek ugurdaky Amerikanyň hereketlerine yşarat edip ýadro ylalaşyfy 5+1 topary bilen üstünde ylalaşan Eýranyň iň bäribaş talap edýän zatlaryndandyr diýip nygtady.

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şeýle-de ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna Eýranyň kämil amal edenligine garamazdan Amerika we Ýewropa döwletleriniň ygrarlarynyň çarçuwwasynda Eýran hakynda ykdysady giňişlikleriň amala aşyrylman duran mahalynda ýadro ylalaşygyna ýaňadan garamkdan gürrüň agzalmagy utançsyzlykdyr diýip sözüne goşdy.