Zarif: DAEŞ toparyna ýarag beren Amerika we Arabystandyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif terrorçy DAEŞ toparyna ýarag beren Amerika we Arabystandyr diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif özüniň twitter sahypasynda ýazan matlabynda Donald Tramp we onuň ýaranlarynyň propaganda işleri arkaly alternatiw hakykatlary öndürselerde ýada Arabystan hem wagyz oýunyna baş goşsada hemde DAEŞ-iň şowsuzlyga uçramagyny öz adyna hasaba almak ugurda Amerika döwleti tagalla etsede durmuşky hakykatlary üýtgedip başarmazlar diýip nygtady.
DAEŞ-i şowsuzlyga uçratmak ugurda Yrak we Siriýa milletleriniň kömegine baran Eýrandyr we Amerika bilen Arabystan hem DAEŞ toparyna ýaran ýetirendirler diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif nygtap geçdi.
Arabystanyň daşary işler ministri Adel Aljobair Dawos maslahatynda eden çykyşynda Eýran Ortagündogarda pyrgaçyllyk odyny ölçerýär diýip toslady.