Kazemi Qomi: Eýran Owganystanda giňişleýyn döwletiň gurulmagyny isleýär
Eýranyň Owganystan boýunça ýörite wekili: Eýranyň islegi Owganystanda giňişleýyn döwletiň gurulmagydyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Hasan Kazemi Qomi Owganystan, musulman ýurt we Eýranyň goňşusy hökmünde basyp alyjylar tarapyndan dört onýyllykdan gowrak wagt bäri basyp alyndy, şol döwürde Eýran owgan halkynyň ýanynda boldy we elinden gelen kömegi etdi diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystan boýunça ýörite wekili şeýle hem häzirki wagtda bu ýurtda aýratyn şertler agdyklyk edip, weýrançylykdan başga hiç hili netijesi bolmadyk we Owganystanyň halky üçin kyn şertleri döreden ABŞ-nyň ýigrimi ýyllyk basybalyjylygynyň tamamlanandygyny aýtdy.
Kazemi Qominiň aýtmagyna görä: Eýran iki ýurduň arasyndaky söwdany ýeňilleşdirmäge, serhetleri açmaga we Owganystanyň halkyna özara peýdaly we kömek berjek söwdany tertipleşdirmäge çalyşýar.