Serdar Salami: General Soleimani, Ýolbaşçynyň durmuşynyň we mekdebiniň netijesidir
Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi: Şehit general Gasem Soleimani, Ýolbaşçynyň durmuşynyň we mekdebiniň netijesi we ol hezretleri tarapyndan terbiýelenen şahsiýetdir diýdi.
Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi general-maýor Huseýin Salami penşenbe güni Eýranyň günortasyndaky Kerman şäherinde general-maýor Gasem Soleýmaniň ikinji ýyl dönümini ýygnagynda bu ýokary derejeli şehitiň ahlak häsiýetlerini suratlandyrp ol ömrüniň köp bölegini jihad meýdanynda geçiren we gaýduwsyz söweşen adamdy diýdi.
Sardar Salami şeýle-de her kim baky häsiýeti bilen ýaşaýar we Soleýmaniň şahsyýeti şehitdi we ony suratlandyrmak aňsat däldir diýdi.
General Salami, general Soleýmaniň sowgadynyň musulman ymmatyna hormatdygyny aýdyp, Serdar Soleýmaniň ýoly dowam edýär we Eýranyň ýaragly güýçleri duşmanyň we onuň wekilleriniň yslam topraklaryna aralaşmagyna ýol bermez diýdi.