Eýranyň Daşary işler ministrligi Ýemendäki ýaşaýyş ýerlerine howa hüjümlerini ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15404-eýranyň_daşary_işler_ministrligi_Ýemendäki_ýaşaýyş_ýerlerine_howa_hüjümlerini_ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary el-gatyjy koalisiýanyň Ýemende ýaşaýyş we raýat sebitlerine howa hüjümlerine yşarat edip onlarça bigünä adamyň ýok edilmegini, öldürilmegini we ýaralanmagyny ýazgardy.
(last modified 2022-01-22T10:57:43+00:00 )
Jan 22, 2022 15:57 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrligi Ýemendäki ýaşaýyş ýerlerine howa hüjümlerini ýazgardy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary el-gatyjy koalisiýanyň Ýemende ýaşaýyş we raýat sebitlerine howa hüjümlerine yşarat edip onlarça bigünä adamyň ýok edilmegini, öldürilmegini we ýaralanmagyny ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Ýemeniň ýaşaýyş we raýat sebitlerinde agressiwler koalisiýasynyň onlarça bigünä adamyň ýok edilmegine, öldürilmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan soňky howa hüjümlerini ýazgarmak bilen bu hüjümleriň pidalarynyň galanlarna gynanç bildirdi.

"Hatibzadeh" Halkara jemgyýetçiliginiň ümsümligi we biperwaýlygy bilen Ýemende koalisiýanyň harby hüjümleriniň dowam etmegi, Hüjümçilere gözegçiliksiz ýarag satmak, Ýemen halkyna garşy ýedi ýyllap dowam eden wagşyçylykly çozuşyň öňünde halkara jemgyýetçiliginde bir taraply çemeleşmegiň we goşa standartlaryň kabul edilmegi bu ýurtda adalatly parahatçylyga ýetmegi kynlaşdyrandyr diýdi.

Hatibzadeh Ýemen halkynyň gabawynyň we bombalanmagynyň dowam etmeginiň Ýemen krizisine syýasy çözgüt tapmak üçin çynlakaý kararyň ýokdygyny we bu ýurduň weýran edilmeginden we sebitdäki durnuksyzlykdan başga hiç hili netije bermejek weýrançylykly harby çemeleşmäni dowam etdirmegi görkezýändir diýdi.