Ymam Homeýni (RA); Dünýäde oýanmagyň we erkinligiň nusgasy
Owganystandaky şaýy Ulema geňeşiniň medeni komitetiniň başlygy Yslam dünýäsinde iň ýokary derejeli Ymam Homeýniniň Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşinde möhüm rol oýnandygyny aýtdy.
Yslam Rewolýusiýasy Ymam Homeýniniň (ra) giňişleýin göreşi we ýolbaşçylygy hemde onuň ýolbaşçylygyndaky halkyň dürli toparlarynyň gatnaşmagy bilen 1357-nji ýylyň 22-nji bahman aýynda(1979-njy ýylyň 11-nji fewraly) ýeňişe ýetdi.
Owganystanyň şaýy Ulema geňeşiniň medeni komitetiniň başlygy Seýid Muhammet Huseýin Rezwani Bamiani , Ymam Homeýniniň ýolbaşçylygyndaky Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň ýyl dönümini gutlap, Ymam Homeýni (ra) lider we görnükli şahsyýetdi we köp sanly kerweni Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşine alyp barmagy başardy diýdi.