Hatibzadeh: Eýran Wena gepleşiklerinde Ýewropanyň we ABŞ-nyň kararyna garaşýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wena gepleşikleri möhüm öňegidişlik gazandy we Eýran Yslam Respublikasy Ýewropanyň we ABŞ-nyň kararlaryna garaşýar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" Wenada Eýrana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň dowamy barada habarçylara beren gürrüňlerinde bellikli we beýleki tarapyň borçnamalaryna laýyk gelmeýän belliklere we ýadro ylalaşygyň ykdysady peýdasyna päsgelçiliklere garamazdan ähli sanksiýalar ýatyrylmalydyr; Bu, Eýran Yslam Respublikasynyň ýörelgelerinden biridir we şu güne çenli hem yzarlanyp gelýändir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de gepleşikler möhüm öňegidişlik gazandy diýmek bilen emma galan meseleler çözülmeli iň kyn, esasy we çynlakaý meselelerdir diýip beýan etdi.
Hatibzadeh Sionist režimiň premýer-ministriniň Wenada bolup biljek ylalaşyk barada aýdan sözlerine-de gaýtawul görkezip Sionist režimiň ýolbaşçylarynyň aýdýanlary Waşington we Ýewropanyň paýtagtlarydyr; Olaryň sözleri paýtagtlara täsir etmek üçin elmydama ruhy söweşi döretmek we diplomatiýa garşy hereketlerdir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Yslam Şura Mejlisiniň 250 agzasynyň Wena gepleşiklerinde ABŞ-dan kepillik almak baradaky Eýranyň prezidentine ýazan haty barada gürrüň gozgap halkyň wekilleri, Wenadaky eýranly gepleşikçileriň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň kesgitlän ugurlaryna çalt we ünsli işleýändiklerini bilýärler diýdi.