Amir Abdullahian: Wena gepleşikleri möhüm tapgyra ýetdi
Eýranyň Daşary işler ministri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hoşniýetliligini subut etmek üçin entek hiç hili amaly ädim ätmändigine salgylanyp Wena gepleşikleriniň möhüm tapgyra ýetendigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian Tähranda Oman Patyşalygynyň Daşary işler ministri bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Wena gepleşikleri barada beren gürrüňlerinde gepleşiklerde henizem az, ýöne gaty möhüm meseleleriň bardygyny belläp, şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy Wena gepleşiklerinde özüne mälim eden hiç hili gyzyl çyzykdan geçmez diýdi.
Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy Wena gepleşiklerine umytly garaýar we gepleşiklerde galan birnäçe möhüm meseläniň ýakyn günlerde Günbatar tarapyň realizmi bilen çözüljekdigine umyt baglaýar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem Omanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygyň jikme-jikliklerini açyklap: Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar gaty gowy ýolda, şu günki gepleşiklerde ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem iň ýokary derejedäki iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklary giňeltmek üçin has köp tagalla etmek barada ylalaşyldy diýdi.
Omanyň Daşary işler ministri Badr bin Hamad al-Busaidi, Omanyň soltany Haýsam bin Tarik al-Saidiň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisiä iberen haty bilen Tährana geldi.