Aýatolla Hatami: NATO-nyň öjükdiriji hereketleri sebitdäki ýagdaýy çylşyrymlaşdyrdy
Tähranyň juma namazyň hatyby Amerikanyň we NATO-nyň öjükdiriji hereketleri sebitdäki ýagdaýy kynlaşdyrar we belkide mundan hem beter çylşyrymlaşdyrar diýdi.
Aýatolla "Seýed Ahmad Hatami", Tähranda juma namazynda Ukrainadaky wakalara we Russiýanyň bu ýurtdaky ýörite harby operasiýalaryna yşarat edip Eýran Yslam Respublikasynyň çaknaşyga gatnaşýan ähli ýurtlary gepleşiklere we saklanmaga çagyrýar diýdi.
Aýatolla Hatami, Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýanyň Ukraina hüjüminde bigünäleriň öldürilmeginden alada galýandygyny aýtmak bilen ABŞ-nyň we NATO öjükdiriji hereketleri sebitdäki ýagdaýy çylşyrymlaşdyrar we ähtimal kynlaşdyrar diýip beýan etdi.
Tähranyň juma namazyň hatyby şeýle-de ABŞ-nyň dünýäniň dürli künjeklerine goşulyşmagyny ýada salyp Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen Ýewropa ýurtlary uruş depreklerini yzygiderli urýarlar we bu oda yzygiderli ot ýakýan materiallary guýýarlar, Emma Yslam respublikasy ulgamynyň bu meseledäki pozisiýasy, konfliktiň taraplarynyň saklanmagy we parahatçylygy we asudalygy ýola goýmak üçin gepleşikleriň başlanmagydyr diýdi.