Hatibzadeh: Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýemen baradaky karary parahatçylyga ýaramaz täsir edýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýemen krizisi baradaky karary we onda ulanylýan edebiýat parahatçylyk prosesine ýaramaz täsir eder we konfliktiň taraplarynyň pozisiýasyny hasam daşlaşdyrar diýdi.
Sişenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýemen krizisi baradaky kararyna jogap edip: Gynansagam, bu karar we onda ulanylýan edebiýat, agressiw koalisiýa ýurtlarynyň syýasy pikirleriniň we lobbisiniň täsiri astynda we syýasy prosesi dowam etdirmek üçin bar bolan tagallalaryň tersine kabul edildi diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Ýemen söweşi başlanaly bäri BMG Howpsuzlyk Geňeşinde Ýemene çozuşyň esasy tarapdarlarynyň ýolbaşçylygyndaky Ýemene garş bolan birtaraplaýyn we real däl garaýyş diňe bir krizisi azaltmaga täsir etmedi, eýsem häzirki asyrda iň erbet gumanitar betbagtçylygyň dowam etmegine sebäp bolandyr diýip nygtady.
Hatibzadeh: koalisiýanyň jenaýatlaryny äsgermezlik etmek we Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýemendäki rehimsiz söweşiň ýedi ýyllygynda öz borjundan aýrylmagy netijesinde, Ýemene garşy jenaýatlar güýçlenendir we bu çemeleşmäniň dowamy, dowamly we adalatly parahatçylygy gazanmagy has kyn we çylşyrymly edýär diýdi.
BMG Howpsuzlyk Geňeşi duşenbe güni (28-nji fewral) Ýemendäki Ansar al-allah garşy ýaragyna gadagançylygy uzaltmak barada ylalaşdy we Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan Ansar al-allah liderleriniň birnäçesine garşy ýarag embargosyny tutuş topara giňeltmegi talap edýän karar kabul edildi.