Şamhani: Amerika diplomatiýa mümkinçiligini wagtynda ulanmaýandygy üçin özüni ýeňlişe sezewar eder
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary: Wena gepleşikleri gowy ylalaşyga ýetmese, ýakyn wagtda ABŞ-nyň häzirki administrasiýasy diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmazlygy sebäpli elbetde ýeňlişe sezewar bolar diýdi.
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani penşenbe güni Twitterde ABŞ-nyň "iň ýokary basyş" syýasatynyň şowsuzdygyna yşarat edip ABŞ-nyň häzirki administrasiýasynyň ykrar etmegine görä Eýranyň "işjeň garşylyk" strategiýasy, Trumpyň "iň ýokary basyş" syýasatyny puja çykarandygyny ýazdy.
Wena gepleşikleriň sekizinji tapgyry, delegasiýalaryň paýtagtlary bilen maslahatlaşmagy üçin 11 günlük arakesmeden soň, 8-nji fewralda ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny ýatyrmak barada Eýranyň we 4 + 1 toparynyň wekiliýetleriniň (Germaniýa, Fransiýa, Angliýa, Russiýa we Hytaý) gatnaşmagy bilen Awstriýanyň paýtagtynda gaýtadan başlandy we şondan bäri dürli derejelerde we formatlarda geçirilip gelýär.