Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Ýemen baradaky beýanaty
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneý içerki we daşary ýurtlarda dürli meseleleri gozgady we düşündirdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneý, geçen sişenbe güni agşam Yslam ulgamynyň işgärleri we wekilleri bilen duşuşygynda içerki we daşary ýurtlarda dürli meseleleri gozgady we düşündirdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy, bilen Ýemeniň ezilen halkynyň edermenligini wasp edip, Saud Arabystanynyň resmilerine rehimli we hoşniýetli maslahatlarda şeýle diýdi: “Näme üçin ýeňiş gazanmak mümkinçiligiňiziň ýokdugyny bilip urşuňyzy dowam etdirýärsiňiz? Bu söweşden çykalga tapyň. Ýemendäki häzirki parahatçylyk şertnamany gaty gowy bilip "Bu şertnama hakyky manyda durmuşa geçirilse, dowam edip biler we şübhesiz Ýemen halky,özleriniň we ýolbaşçylarynyň tagallalary, edermenlikleri sebäpli ýeňişe ýeter we Hudaý bu ezilen adamlara kömek eder diýdiler.
Aýatolla Hameneýi, Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň sekizinji ýylynda ezilen Ýemen halkyna garşy rehimsiz söweşiniň dowam etdirilmegini göz öňünde tutýarlar. Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy ,Saud Arabystany we olaryň BAE hyzmatdaşlary, ilkibaşdaky talaplara garamazdan Ýemen halkynyň garşylygyny basyp ýatyrmak ýa-da Ýemeniň Milli Halas ediş Hökümetini we Ansar Allah hereketini gowşatmak bilen ep-esli üstünlik gazanyp bilmezler diýip nygtadylar. Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneý Muňa derek, Ýemen goşunynyň we pilotsyz uçarlary, ballistik raketalary we kruiz raketalaryny ulanýan meşhur komitetleriň ar alyş hüjümleri Saud Arabystanynyň režimine uly zyýan ýetirdi, şol sanda Jiddadaky Aramco desgasyna birnäçe milliard dollarlyk zeper ýetdi diýdiler.
Elbetde, 2-nji aprelden bäri Birleşen Milletler Guramasynyň inisiatiwasy bilen amala aşyrylan soňky ýlalaşykdan soň, Saud Arabystanynyň koalisiýasy, öňki ýagdaýlarda bolşy ýaly, howa hüjümlerini we deňiz gabawyny ýatyrmazlyk we hatda basyp almak bilen ýüzden gowrak gezek bu ýlalaşygy bozandyr. Şeýle-de bolsa, Ýemeniň milli halas ediş hökümeti Ýemen halkynyň bähbitlerini we Ýemendäki kyn ynsanperwerlik ýagdaýynyň açylmagynyň zerurlygyny göz öňünde tutup, ot açyşlygy bes etmegi dowam etdirýär.