Saglygy goraýyş ministri: Eýrandaky ähli owgan raýatlaryna sanjym edildi
(last modified Fri, 22 Apr 2022 09:41:14 GMT )
Apr 22, 2022 14:41 Asia/Ashgabat
  • Saglygy goraýyş ministri: Eýrandaky ähli owgan raýatlaryna sanjym edildi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri: Eýranda bar bolan ähli owgan raýatlary Kowid-19 keseline garşy mugt sanjym programmasyndan peýdalandylar diýip yglan etdi.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Bahram Ainollahi" Eýran Yslam Respublikasynyň, Yslam düzgüniniň umumy syýasatlarynyň, dini gymmatlyklaryň we adam mertebesiniň we Kowid 19-yň başyndan bäri guramaçylyk we ynsanperwerlik missiýalarynyň çäginde , Eýran raýatlary ýaly, Eýranyň hemme ýerinde lukmançylyk merkezlerinde bejergi alýan owgan raýatlaryna hiç hili çäklendirme girizmändigini aýtdy.

Ainollahi şeýle-de Owganystanyň näsaglarynyň köpüsi Eýranyň lukmançylyk merkezlerine we hassahanalarynda mugt ýa-da iň bolmanda az çykdaýjy bilen kabul edildi we ähli owganlylar Kowid 19 keseline garşy Eýran Yslam Respublikasynyň Milli sanjym maksatnamasyndan peýdalandylar diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri şeýle hem Mazar-e-Şerifdäki "Seh Dekan" metjidinde şaýylaryň we Kabuldaky "Abdulrahim Şehit" mekdebiniň okuwçylarynyň köpçülikleýin gyrgynçylygy ýazgarmak bilen global ezijilik we sebitdäki ýaranlary, ýalan bahana bilen, Owganystan musulmanlarynyň arasynda düşünişmezlik we gozgalaň turuzmak üçin öz güýçlerini ulanyp, ýakymsyz wakalary döredip, esasanam mukaddes Remezan aýynda musulman doganlaryň ýüregini agyrdandyr diýdi.

Düýn (penşenbe) Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň merkezi Mazar-e-Şerifiň iň uly we iň köne şaýy metjidi bolan Seh Dekan metjidinde ýüze çykan partlamada onlarça ybadatçy şehit ýa-da  ýaraly boldy.

Mazar-e-Şerifdäki partlamalardan başga-da Owganystandaky Kabul, Nangarhar we Kunduz welaýatlarynyň üçüsi hem ganly partlamalara şaýat boldy.

Tags