Aýatolla Hatami: Amerikanyň maksady Eýran Yslam respublikasyny ýykmakdyr
(last modified Fri, 02 Feb 2018 17:07:12 GMT )
Feb 02, 2018 22:07 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Hatami: Amerikanyň maksady Eýran Yslam respublikasyny ýykmakdyr

Tehranyň wagtlaýyn juma ymamy Amerika döwleti Eýran Yslam respublikasyny ýykmagy we fagih weliligini aýyrmagy maksat edinendir diýdi.

Aýatolla Ahmad hatami Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Amerika fagih weliligine urgy urmagyň yzyndadyr diýmek bilen Eýranda fagih weliligi Ortagündogarda terrorçy DAEŞ toparyny ösdürmek we uly Ortagündogary gurmak baradaky Amerikanyň syýasatynyň şowsuzlyga uçramagyna sebäp bolandyr diýip nygtady.

Tehranyň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Ahmad hatami  Amerikanyň Eýran baradaky strategiýasyna yşarat edip bu strategiýa Eýranyň ýadro energiýasyny kontrol etmek, Eýranyň raketa we goranyş kuwwatlylygynhy azaltmak, Eýranyň Liwan hezbollasyna berýän goldawynyň öňüne geçmek we Eýrany uly Ortagündogar taslamasyna garşy çykmakdan däbdermekden ybaratdyr diýip beýan etdi.

Tehranyň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Ahmad hatami  şeýle-de Amerika ýaňky strategiýasynyň bütin ugurlarynda şowsuzlyga uçrandyr diýip sözüne goşdy.