May 08, 2022 19:57 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Siriýa halkara söweşinde ýeňiş gazandy

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Siriýa halkynyň we düzgüniniň garşylygy we halkara urşundaky ýeňşi Siriýa ýurdunyň abraýyny we buýsanjyny ýokarlandyrandygyny beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň edarasynyň maglumat bazasyna görä, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleriň ýekşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad we oňa gatnaşýan delegasiýa bilen geçirilen duşuşygynda Siriýanyň syýasy we harby ugurlarda gazanan üstünlikleri barada gürrüň gozgap häzirki wagtda Siriýa uruşdan öňdäki Siriýa däl, şol döwürde hiç hili weýrançylyk ýok bolsa-da, häzirki wagtda Siriýanyň hormaty we abraýy öňkülerden has ýokary we her kim bu ýurda güýç hökmünde seredýär diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri, şu gün Siriýanyň prezidentiň we halkynyň sebitdäki halklaryň ýanynda buýsanýandygyny belläp, şeýle diýdiler: Sebitdäki käbir döwlet baştutanlary Sionist režiminiň ýolbaşçylary bilen oturyp, bilelikde kofe içýärler, ýöne bu ýurtlaryň ilaty Al-Kuds gününde köçelere dökülip sionistlere garşy şygarlar bilen doldurýar we bu sebitiň hakykatydyr diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri general Serdar "Gasem Soleýmanyň" hatyrasyna-da ýatlady we şeýle diýdiler: Şol beýik şehitiň Siriýa barada aýratyn bir düşünjesi bardy we sözüň doly manysynda öz janyny peda etmäge taýýardy we Siriýadaky özüni alyp barşy Eýrany sekiz ýyllap mukaddes goramakdaky hereketinden tapawutly däldi diýip beýan etdiler.

Hezretleri şeýle-de Şehit Soleimany we IRGC guramasynyň beýleki görnükli agzalary, şol sanda Şehit Hamedani, hakykatdanam köp işlediler we Siriýa meselesini mukaddes borjy we wezipesi hasaplaýardylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri, geçen ýyllarda Siriýa garşy frontda duran käbir ýurtlaryň dostlugynyň we söýgüsiniň beýanyna-da salgylanyp geljegiň ugry geçmişdäki tejribelerden aýdyňlaşdyrylmalydyr diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Siriýanyň prezidentiniň ruhuny we şadyýanlygyny beýik işler üçin esas hasaplamak bilen şeýle diýdiler: Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti we hökümeti hem hakykatdanam şadyýan we ýokary ahlakly we erklidir we Siriýa meselesinde çynlakaý alada we hyjuwy bardyr, bu pursat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hasam gowulandyrmak üçin ulanylmalydyr diýip sözlerine goşdylar.

Siriýanyň prezidenti hem, Eýran halkynyň we hökümetiniň pozisiýalaryna we goldawyna ýokary baha berdi, şeýle hem Şehit Soleýmanyň hatyrasyny ýatlap Eýranyň soňky dört onýyllykda sebit meselelerinde, esasanam Palestina meselesinde tutanýerliligi we durnukly pozisiýasy sebitiň ähli halkyna Eýranyň ýolunyň dogry we prinsipial ýoldygyny görkezdi diýdi.

Başar al-Assad sözüniň dowamynda uruş harabalyklaryny täzeden gurup bolar, ýöne ýörelgeler ýok edilse, olary täzeden gurup bolmaz we Eýran halkynyň Aýatolla Hameneýiniň ýolbaşçylygynda dowam eden Ymam Homeýniniň (RA) ýörelgelerine garşylygy, Eýran halkynyň we sebitiň halkynyň, esasanam Palestina halkynyň uly ýeňişlerine ýol açandygyny aýtdy.

Siriýa Respublikasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda käbir taraplar Eýranyň Garşylyk frontuna berýän goldawy ýarag goldawy diýip güman edýärdiler, emma Yslam respublikasynyň iň möhüm goldawy we kömegi çydam ruhuny ornaşdyrmakdy we Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky strategiki gatnaşyklar sionist režimiň sebitide höküm sürmeginiň öňüni aldy diýip açyklap aýtdy.

Tags