Siriýanyň prezidentiniň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşygy
(last modified Sun, 08 May 2022 16:20:52 GMT )
May 08, 2022 21:20 Asia/Ashgabat
  • Siriýanyň prezidentiniň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşygy

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hz. Aýatolla Hameneýi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşdylar.

  Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Siriýanyň prezidenti we onuň ýanyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen ýygnakda Siriýanyň halkynyň we ulgamynyň garşylygy bilen bu ýurduň halkara uruşda ýeňişe ýetendigini we şeýlelik bilen Siriýanyň abraýynyň we buýsanjynyň ýokarlanandygyny belläp , iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekdiler.

 

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad şu gün irden Tährana eden sapary wagtynda Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi we Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Räisi bilen duşuşdy.

Syýasy we harby ugurlarda Siriýanyň gazanan üstünlikleri barada durup geçen Hz. Aýatolla Hameneýi: "Häzirki wagtda Siriýa söweşden öňki Siriýa däl, indi bu ýurda güýç hökmünde seredýär diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri şu gün prezidentiň we Siriýanyň halkynyň sebitdäki halklara buýsanýandygyny belläp  ,"Goňşy ýurtlarymyzyň käbir liderleri, siz sionist režimiň ýolbaşçylary bilen oturyp, kofe içýärler , emma Kuds gününde bu ýurtlaryň ilaty köçelere çykyp   sionistlere garşy şygarlary berdiler we bu sebitiň hakykatydyr diýdiler:  .

Siriýanyň prezidenti, Eýran halkynyň we hökümetiniň pozisiýalaryna we goldawyna minnetdarlyk bildirip,şeýle hem Şehit Soleýmanyň hatyrasyna ýatlady. Ol: "Soňky 4 onýyllykda sebit meselelerinde, esasanam Palestina meselesinde Eýranyň garşylygy we durnukly pozisiýasy sebitiň ähli halkyna Eýranyň ýolunyň dogry we prinsipial ýoldygyny görkezdi" -diýdi.

Başar al-Assad "Urşuň zyýanyny täzeden gurup bolar, ýöne binýatlar ýykylsa täzeden gurup bolmaz" -diýdi. Siriýanyň prezidenti ,Eýran halkynyň Ymam Homeýniniň ýörelgeleriniň esasynda bolan garaýşy we çydamy  Siziň ( Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriň) tagallalaryňyz bilen   halkynyň we sebit  ilatynyň, esasanam Palestina halkynyň uly ýeňişlerine ýol açdy diýdi.  

Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan Siriýanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny saklamak we sebit deňlemelerinde abraýly bolmagy möhümdir; Sionistlere garşy çemeleşme bilen bu ýurt Kudusi basyp alyjylara garşy garşylygyň başynda durýar we şoňa görä-de, Eýran bilen Siriýanyň arap we yslam ýurtlary bilen bikanun sionist režiminiň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna garşy umumy pikiri bardir.