Amir Hatami:Amerika DAEŞ terrorçylaryny Owganystana geçirmegiň yzyndadyr
Eýran Yslam Respublikasynyň goranmak ministri Owganystanyň goranmak ministri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Amerikanyň terrorçy DAEŞ toparynyň agzalaryny Siriýa we Yrakdan Owganystana geçirmek niýetdedigini yglan etdi.
şu gün Eýranyň goranmak ministri emir sertip Amir Hatami Owganystanyň goranmak ministri Tarokşah Bahrami bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde DAEŞ terrorçylaryny döreden Amerikanyň Siriýa we Yrakda uruş turuzany soň indi Owganystandaky huzuryny dogry görkezmek üçin bu toparyň agzalaryny Owganystana geçirmegiň yzyndadyr diýdi.
Amerika musulmanlaryň duşmanydygyny subut edendir,Trampyň Kudusy Sionist režiminiň paýtagty höküminde ygrar etmegi bu duşmançylygyň bir mysalydyr diýip Amir Hatami aýtdy.
Owganystanyň goranmak ministri Tarokşah Bahrami hem bu telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurdyň gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklaryna yşarat edip durmuşda Owganystanda azyndan 20 terrorçy toparyň aktiwdigini nygtady.bu jenaýatçy toparlar öz başyna goýberilseler sebitiň howpsyzlygyna şikes ýetirjekdirler diýip Tarokşah sözüne goşdy.