Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Eýranyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, esasanam syýasy, ykdysady, söwda, konsullyk we parlament ugurlaryndaky soňky wakalary we iki ýurduň Bilelikdäki Ykdysady Komissiýasynyň şertnamalarynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow şenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada duşuşmak we pikir alyşmak üçin ýakyn wagtda Tährana sapar etjekdigini aýtdy.
Geçen ýylyň dekabrynda Bakuwda bir günlük saparda Eýranyň Daşary işler ministri Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdy.