Feb 06, 2018 18:06 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran Siriýanyň rugsaty bolmazdan keseki güýçleriň bu ýurtda bolmaklaryna garşydyr

Eýranyň prezidenti Tehran Siriýa döwletinden we milletinden rugsatsyz daşary ýurtly harbylaryň Siriýanyň topragynda ýerleşmeklerine garşydyr diýdi.

şu gün Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Orsýetiň prezidenti Wladmir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Siriýanyň demirgazygynda çaknyşyklaryň dowamlydygyna yşarat edip bu çaknyşyklaryň hiç kimiň bähbidine däldigini beýan etmek bilen sebitiň bütin ýurtlarynyň Siriýanyň milli häkimiýetine we toprak bitewiligine hormat goýmaklaryny umyt etdi.

Ruhani Tehran,Ankara we Moskwanyň terrorizme garşy göreşmek we Siriýada durnuklylygy berkarar etmek ugurda edýän hyzmatdaşlyklarynyň ähmiýetine yşarat edip bu hyzmatdaşlyklar zerurdyr we Siriýa milletiniň soňky ýeňişe ýetýän zamanyna çenli kuwwatlylyk bilen dowam etmelidir diýdi.Ruhani şeýle-de Eýran bilen Orsýetiň gatnaşyklaryny ösüşe bakan hasaplady.

Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda käbir ýurtlaryň ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyna garşy ileri sürýän bozaganlykly boluşlaryna yşarat edip Eýran garşydaky taraplaryň ýadro ylalaşyga ygrarly bolýan zamanyna çenli bu ylalaşyk hakda öz borjunda tapyljakdyr diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem bu söhbetdeşlikde Eýran bilen 5+1 ýurtlary arasynda hasyl bolan ýadro ylalaşygy gaty möhüm ylalaşyk hasaplap we bu ylalaşygy ejizletmek ugurda amala aşyrylýan her hili hereketi howply bilmek bilen Moskwa döwleti bu ugurda özüniň pozisiýasyny beýan edendir diýdi.

Putin şeýle-de Siriýa meselesine yşarat edip Soçi maslahatynyň üstünlikli gutarmagy Eýran,Orsýet we türkiýäniň tagallalary netijesindedir diýip beýan etdi.

 

Tags