mertebesi belent ýolbaşçy: üstümizdäki 22-nji bahmani üýtgeşik bolar
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Yslam Ynkylabynyň möhüm mynasybetleri yslam häkimiýetiniň berkimegine sebäpkär hasaplap hudaý tagalanyň keremi bilen üstümizdäki 22-nji bahmani üýtgeşik bolar diýip beýan etdiler.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri 1357-nji hijri şemsi ýylynyň 19-njy bahman güni Eýran goşunynyň howa güýjiniň serkerdeleriniň yslam ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Humeýni(r.a) hezretlerine ygrarlylyklaryny yglan eden gününiň ýyllygynda Eýran goşunynyň howa güýjiniň serkerdeleriniň bir topary bilen geçiren duşuşygynda Amerika we başga ýurtlaryň resmileriniň ara atýan toslamalary babatly üstümizdäki ýylyň 22-nji bahman güni Eýran ilaty öňkilerdende hyjuwlyrak ýol ýörişlere gatnaşyp duşmanlaryň mekirli hilelerini puja çykarjakdyrlar diýip nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri yslam ynkylabyny janly hakykat hasaplap durmuşda ynkylap öňkilerdenden gaýymrakdyr diýip sözüne goşdylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şeýle-de häzirki zaman ynkylapçylary hem öňki ynkylapçylardan daýawrak we hüşgärräkdirler we şu esasda ynkylap öňe gidip kämilleşendir diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri halkara derejesinde zulumyň we korrupsiýanyň garşysynda durylyp onuň paş edilmegini usully syýasatlardan hasaplap durmuşda iň zalym we rehimsiz toplum Amerikadyr we hatda DAEŞ toparyndan hem beterdir diýip nygtadylar.