Larijani:Amerikanlar Eýran milleti üçin jan köýdürmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1749-larijani_amerikanlar_eýran_milleti_üçin_jan_köýdürmez
Eýran Yslam Respublikasynyň parlament başlygy Ali Larijani Amerikanlar hiç haçan hilegärlik bilen Eýran milleti üçin jan köýdürip başarmazlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 12, 2018 15:42 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Amerikanlar Eýran milleti üçin jan köýdürmez

Eýran Yslam Respublikasynyň parlament başlygy Ali Larijani Amerikanlar hiç haçan hilegärlik bilen Eýran milleti üçin jan köýdürip başarmazlar diýdi.

şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň parlament başlygy Ali Larijani mejlisiň açyk maslahatynda eden çykyşynda 22-nji Bahmen gününiň ýol ýörişine Eýran ilatynyň giňden gatnaşmagy babatly minnetdarlygyny bildirip bu uly epik Eýranyň içeri işlerine gatyşyp bilmejekdigini Amerikanlara duýdurandyr diýip nygtady.

Eýran milleti mydama hüşgärlik bilen bütin ýiti sahnalarda özlerini görkezýändirler diýip Larijani sözüne goşdy.

düýn tutuş Eýranda yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň ýyllygy mynasybetli ýörişler geçirildi.