Hatibzadeh: ABŞ bilen sanksiýalary ýatyrmak boýunça gepleşikler şu hepde geçiriler
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ bilen sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň şu hepde Pars Aýlagyň ýakasynda ýerleşýän ýurtlarynyň birinde gytaklaýyn geçiriljekdigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni daşary syýasatda bolup geçen soňky wakalary düşündirip, ABŞ-nyň zalymlykly sanksiýalaryny ýatyrmak baradaky gepleşikleriň wagtynyň we ýeriniň mälim bolandygyny aýtdy.
Hatibzadeh, Pars aýlagy sebitindäki ýurtlaryň birinde Eýrana garşy zulumly sanksiýalaryny ýatyrmak barada gepleşik geçiriljekdigini we gepleşikleriň ýakyn günlerde we şu hepde geçiriljekdigini aýtmak bilen gepleşikleriň başlamagyna esas döreden EUB-niň daşary syýasat başlygy Žosef Borrelliň edýän tagallalaryna ýokary baha berdi.
Eýranyň diplomatik korpusynyň metbugat sekretary, Borrell, Eýrana eden saparynda we jikme-jik gepleşikler wagtynda Amerika tarapynyň pikirlerini aýtdy we ABŞ-nyň Eýranyň hereketini we peýdasyny kepillendirmek üçin ýadro şertnamasyna we 2231-nji rezolýusiýasyna ygrarlydygyny aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary amerikalylaryň ýurtlaryň özygtyýarlylygyna hormat goýmaýandygyny, terrorçylyk toparlarynyň hem olar üçin möhüm däldigini we olara diňe partiýa we şahsy bähbitleriň möhümdigini aýtdy.