Amir Abdollahian: Eýran Yslam Respublikasy Ukrainadaky söweşi togtatmaga synanyşýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i17800-amir_abdollahian_eýran_yslam_respublikasy_ukrainadaky_söweşi_togtatmaga_synanyşýar
Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran Yslam Respublikasy Ukrainadaky söweşi togtatmaga synanyşýar diýdi.
(last modified 2022-07-13T06:08:34+00:00 )
Jul 13, 2022 11:08 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Eýran Yslam Respublikasy Ukrainadaky söweşi togtatmaga synanyşýar

Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran Yslam Respublikasy Ukrainadaky söweşi togtatmaga synanyşýar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Italiýanyň "La Repubblica" gazetine beren interwýusynda şeýle diýdi: Tähran Ukrainadaky konfliktleriň möwjemegine sebäp boljak islendik ädimden saklanýar.

Amir Abdollahian, Eýranyň Russiýa bilen goranyş pudagyny öz içine alýan dürli görnüşli hyzmatdaşlygynyň bardygyny aýtmak bilen Eýran Ukrainadaky söweşe gatnaşýan taraplaryň hiç birine kömek etmeýär, sebäbi bu söweşiň gutarmalydygyna ynanýar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Günbatar ýurtlarynyň käbiri, şol sanda ABŞ ýarag ýasap, önümlerini satmaga synanyşýar ýöne Eýran Yslam Respublikasy sebitdäki ýagdaýy güýçlendirip biljek hereketlerden gaça durmaga synanyşýar diýdi.

Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi "Jeýk Saliwan" ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Günbatar Aziýa saparynyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň maglumatlaryna görä Eýranyň Ukrainada ulanmak üçin Russiýa pilotsyz uçar ibermäge taýýardygyny öňe sürdi.

Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi şeýle hem Tähranyň ruslary Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlar bilen işlemäge taýýarlaýandygyny hem toslady.