Eýranyň Baýden we Lapidiň beýannamasyna reaksiýasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i17852-eýranyň_baýden_we_lapidiň_beýannamasyna_reaksiýasy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Baýden bilen Lapidiň beýannamasyna jogap edip: "Ysraýylyň" galp hökümeti Amerikanyň prezidentleriniň saparynda ilkinji duralga bolup we ilkinji maksat hem onuň howpsuzlygyny we artykmaçlygyny goramak bolsa, Sebitdäki halyklar we ýurtlar parahatçylyga we durnuklylyga ýetip bilmezler diýdi.
(last modified 2022-07-15T08:50:36+00:00 )
Jul 15, 2022 13:50 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Baýden we Lapidiň beýannamasyna reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Baýden bilen Lapidiň beýannamasyna jogap edip: "Ysraýylyň" galp hökümeti Amerikanyň prezidentleriniň saparynda ilkinji duralga bolup we ilkinji maksat hem onuň howpsuzlygyny we artykmaçlygyny goramak bolsa, Sebitdäki halyklar we ýurtlar parahatçylyga we durnuklylyga ýetip bilmezler diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen Sionist režimiň premýer-ministri Ýair Lapidiň basyp alnan Kudusdaky metbugat ýygnagy bilen bir hatarda taraplar bilelikde beýannama gol çekdiler.

Iki tarap bu beýannamada Sionist režimiň sebitiň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak we beýleki arap we yslam ýurtlary bilen giňeltmek maksady bilen sebit gurluşyny döretmek baradaky borçnamalaryna ünsi çekdiler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasser Kanani penşenbe güni agşam twitterde ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen Sionist režimiň premýer-ministri Ýair Lapidiň bilelikdäki beýanyna jogap edip: Baýden bilen Lapidiň bilelikdäki beýanynda "Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ysraýylyň howpsuzlygyny we harby artykmaçlygyny goramak baradaky tutanýerli we aýgytly borjy" nygtalýar. Ýalňyşmaň; Maksat diňe bir Eýran däl, arap we yslam ýurtlary sionist režimiň artykmaçlygyny hemişe kabul etmeli. Şonuň üçin sebite howpuň esasy çeşmesi düşnüklidir diýdi.

Kanani başga bir twitinde-de Eýran Yslam Respublikasy goňşularynyň howpsuzlygyny öz howpsuzlygy hasaplaýar diýip ýazdy.