Raisi: Terrorçylyga islendik at bilen göreşmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Terrorçylygyň dürli atlary bolup biler, emma serhetleriň we ýurtlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin terrorçylyga garşy islendik at bilen göreşilmelidir diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi sişenbe güni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda şübhesiz, Ärdoganyň Eýrana eden sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmakda öwrülişik bolar we iki ýurduň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek islegi çynlakaýdyr diýdi.
Raisi sözüniň dowamynda: Ykdysady we söwda gatnaşyklaryny we dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň derejesini giňeltmek üçin Ärdogan bilen söhbetdeşlik boldy we bar bolan mümkinçiliklere görä iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has ýokary derejede döredip bolar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Tähran bilen Ankaranyň howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy barada-da hem şeýle diýdi: serhet howpsuzlygy Tähran we Ankara tarapyndan nygtalýar we terrorçylyga, neşe serişdelerine we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşilmelidir.
Raisi sözüniň ýene bir bölüminde: Tähran bilen Ankaranyň arasyndaky gowy gatnaşyk sebit we halkara gatnaşyklaryna sebäp bolup biler we iki güýçli ýurt Eýran we Türkiýe sebit we halkara howpsuzlykda möhüm rol oýnap biler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de, şu gün iki ýurduň resmileri tarapyndan gol çekilen strategiki resminamanyň iki ýurduň arasynda giň gatnaşyklara alyp barjakdygyna we ösüşiň örän aýdyň perspektiwasyna we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagty geljegine umyt baglaýandygyny aýtdy.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň prezidentiniň terrorçylyk guramalaryna garşy göreşiň iki ýurt üçinem aýratyn ähmiýete eýe bolandygyna esaslanyp Terrorçylyk toparlary sebitdäki ýurtlaryň durnuklylygyny we asudalygyny bozýar diýdi.